Halkara Adalat Diwanynda Söz Gezegi Türkiýede

Ysraýylyň jenaýat işini seljerýän Gollandiýanyň Gaga şäherindäki Halkara adalat diwanynda söz gezegi Türkiýede.

2107289
Halkara Adalat Diwanynda Söz Gezegi Türkiýede

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Ysraýylyň Palestinada basyp alyşlary boýunça şu gün Halkara adalat diwanynda çykyş eder.

30 minut dowam etjek çykyşda Türkiýäniň Palestina berýän goldawy halkara jemgyýetçiliginiň öňünde ýene-de bir gezek beýan ediler.

Türkiýe Ysraýylyň 1967-nji ýyldan bäri Palestinada dowam etdirýän bikanun işleri hakynda maglumatlary we delilleri Halkara diwanyň dykgatyna ýetirer.

Halkara adalat diwanynda geçežn hepdäniň dowamynda 47 ýurduň wekilleri çykyş etdiler.

Kazyýet işiniň soňky gününde bolsa Türkiýe bilen bilelikde 5 ýurt we 3 halkara guramanyň garaýyşlary beýan ediler.

Halkara adalat diwanynyň kabul etjek kararynyň kanuny hökümi ýok, emma Ysraýyla edilýän gysyşy artydrmagyna garaşylýar.

Gaza Sektorunda 7-nji oktýabrdan bäri güýçli hüjümler guraýan Ysraýyl 30 müňe golaý palestinalynyň ölmegine sebäp boldy.

 



Degişli Habarlar