Prezident Erdogan ilkinji türk astronawty Gezerawjy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Halkara Emeli hemra bekedinde geçiren 18 günden soň, Türkiyäniň ilkinji älem ylmy missiýasyny tamamlap, Dünýä gaýdyp gelen Alper Gezerawjy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2100600
Prezident Erdogan ilkinji türk astronawty Gezerawjy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Wezipäni üstünlikli tamamlandygy üçin Alper Gezerawja minnetdarlyk bildiren Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Nesip bolsa Ankara geleniňizde-de ikiçäk duşuşyp, bize ähli bu tapgyry jikme-jik ýagdaýda gürrüň berseň, oňa hem aýratyn hoşal bolardyk. Mundan soň hem saňa möhüm wezipeler garaşýar" diýip belledi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň: "Saglyk bilen bagly meseläň barmy?" soragyna, Alper Gezerawjy: "Şükür, hemme zat gowy" diýip jogap berdi. 

Türkiyä we geljek nesillere bular ýaly ylham çeşmesi wezipäni ynanandygy üçin Prezident Erdogana minnetdarlyk bildiren Alper Gezerawjy: "Ýurdumyzy Halkara Emeli hemra bekedine elten dünýäniň 22-nji ýurdy boldy we şu günki güne çenli ol ýerde amala aşyrylan wezipeleriň arasynda, tälimiň başyndan Halkara Emeli hemra bekedindäki wezipä çenli bolan aralykda ol ýere iň tiz ýeten ýurt boldyk. Men ýaňadandan bu ugurdaky tutanýerliligiňiz we öňdengörüjiligiňiz üçin size minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.  



Degişli Habarlar