Numan Kurtulmuş Moskwada Saparda Bolýar
Kurtulmuş Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän dartgynlykda Türkiýäniň iki tarap bilen hem gepleşikler geçirýän ýeke-täk ýurtdygyny aýtdy.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisini Başlygy Numan Kurtulmuş Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän dartgynlykda Türkiýäniň iki tarap bilen hem gepleşikler geçirýän ýeke-täk ýurtdygyny aýtdy.
Kurtulmuş Russiýa guraýan saparynyň çäginde paýtagt Moskwada Rus-Türk Işewürler Bileleşiginiň agzalaryny kabul etdi.
Numan Kurtulmuş Türkiýäniň bütin sebitdäki meselelerde bolşy ýaly Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlykda-da adalatly we durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ellerinden gelýän ähli töwellaçylygy etmäge çalyşýandyklaryny aýtdy.
Russiýa-Ukraina dünüşmezliginde iki tarap bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýän tas ýeke-täk ýurduň Türkiýedigini nygtan Kurtulmuş, käbir ýurtlaryň bolsa ýaraşyk islemeýändigini beýan etdi.
Türk potratçylarynyň üstünligine ünsi çeken TBMM-niň Başlygy; “Türk portratçylyk firmalary Russiýada häzirki wagta çenli 102 milliard dollardan gowrak potratçylyk işini ýerine ýetirdi. Ol, türk potratçylyk pudagynyň dünýä derejesinde amala aşyran işleriniň 20 göterimine deň gelýär” diýdi.