Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda giň gerimli dowam etdirilýär

2093996
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň we Siriýanyň demirgzygynda PKK-a agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Yragyň demirgazygynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK-a agza 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahasy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerinde anyklanan PKK/ÝPG-a agza ýene-de 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrlig: "Sebitde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalarymyz tutanýerlilik bilen dowam eder. Terrorçylar üçin hiç bir howpsuz däl" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar