Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Türkiyede saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron bilen duşuşyk geçirdi

2093879
Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Türkiyede saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ministr Hakan Fidanyň iňlis kärdeşi Dewid Kameron bilen ministrligiň Stambul şäherindäki wekilhanasynda duşuşandygy habar berildi. 

Beýanatda duşuşygyň düzümi barada bolsa maglumat berilmedi. 

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Dewid Kameronyň Gazada dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bagly tagallalarynyň çäginde Ysraýyla, Palestina, Katara we Türkiyä sapar guraýandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar