1 Hepde-de108 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 953-e ýetdi.

2137482
1 Hepde-de108 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Soňky 1 hepde-de terror guramasyna garşy geçirlen operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 108 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrligi soňky 1 hepde-de terror guramasyna garşy geçirlen operasiýa hakynda maglumat berdi.

Şol çäkde Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde 1 hepde-de geçirlen operasiýada guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen birlikde 108 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelikde 1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 953-e ýetdi.

Geçen hepde Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan PKK-ly 2 terrorçy hem Haburdaky gümrük geçelgesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

 



Degişli Habarlar