Yragyň demirgazygynda howa operasiýasy geçirildi

Yragyň demirgazygynda geçirilen howa operasiýasynda aralarynda jogapkär derejedäki terrorçylar hem bolan jemi 15 nyşana ýok edildi

2085175
Yragyň demirgazygynda howa operasiýasy geçirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-ly we beýleki terrorçylykly elementleriň täsirsiz ýagdaýa getirilip, Yragyň demirgazygyndan halka we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri ortadan aýyrmak we serhediň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG-nyň ylalaşygynyň 51-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramak hukugynyň çäginde, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina, Gara, Hakurk, Kandil we Asos sebitlerindäki terrorçylara degişli ýerlere garşy howa operasiýasynyň guralandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Ýerine ýetirilen howa operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylan we içinde jopgapkär wezipede terrorçylar bolan gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat jemi 15 nyşana ýok edildi. Geçirilen howa operasiýasynda iň ýokary derejede ýerli we milli ok-däriler ulanylyp, köp sanda terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Ýurduň we milletiň asudalygy we howpsuzlygy üçin terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi bellenen beýanatda: "Şol operasiýalarda asuda ilatyň, dostlukly elementleriň, taryhy we medeni barlyklar bilen daşky gurşawyň zyýan görmezligi üçin ähli çäreler görüldi" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar