MGM: "Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi 81-i soňky bir hepdede bolmak bilen şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2021-e ýetendigini habar berdi

2081847
MGM: "Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi" diýdi

Milli Goranmak ministrligi Hepdelik metbugat ýygnagynda terrora garşy göreş we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän terrorçylara degişli ýerlere garşy geçirilen howa hüjümleri bilen, aralarynda guramanyň jogapkär derejede bolan terrorçylar hem bolan gowaklardan, gaçybatalgalardan, nebit desgalaryndan we ammarlardan ybarat jemi 71 nyşana ýok edildi, 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi. 



Degişli Habarlar