Prezident Erdogan Arçynlar maslahatynda terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Prezident Erdogan şu günki gün Türkiyäniň serhetleriniň çäginde terroryň dolulygyna ýok bolmak nokadyna ýeten bolsa munuň iň möhüm sebäbiniň Yrakda we Siriýada alnyp barylýan operasiýalardygyny habar berdi

2081892
Prezident Erdogan Arçynlar maslahatynda terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Prezidentiň kompleksindäki Sergiler zalynda Arçynlar maslahatynda söz sözlän Prezident Rejep Taýýip Erdogan ol ýerde terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi. 

"Territorial bütewiligimize eýe çykmak, döwletimiziň bütewi gurluşyny goramak, milli jebisligmizi we agzybirligmizi goramak we berkitmek, milli durnuklylygymyzyň kepillendirijisi bolan bir millet, bir baýdak, bir watan, bir döwlet ýörelgesini ähli şertlerde goramak, biziň gyzyl çyzygymyzdyr" diýip aýdan Prezident Erdogan, olaryň durnuksyzlygyna çürt kesik ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan serhetaşa terrorçylaryň öz bazalarynda, öz gowaklarynda ýok edilendiklerini belläp: "Şu günki gün Türkiyäniň serhetleriniň çäginde terror dolulygyna ýok bolmak nokadyna ýeten bolsa munuň iň möhüm sebäbi Yrakda we Siriýada alnyp barylýan operasiýalardyr" diýip habar berdi. 

Geçen hepde 2 aýry çaknyşykda 12 esgeriň şehit bolandygyny ýatladan Erdogan: "Şehitlerimiziň ganyny asla ýerde goýmadyk, goýmaýarys. 22-nji dekabrdan bäri geçirilýän operasiýalarda 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Milli Howpsuzlyk gullugymyz, Siriýanyň demirgazygyndaky terror infrastrukturasyna we ýolbaşçylaryna garşy örän üstünlikli operasiýalar ýerine ýetirýär. Şol çäkde terror guramasy üçin tankydy ähmiýete eýe bolan 70 desga nyşana alyndy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar