Yragyň demirgazygynda PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň ok-därilerinden jogapkär agzasy "Ruken Zilan" adyny ulanýan terrorçy Zeýnep Sewim Yragyň demiragzygynda täsirsiz ýagdaýa getirildi

2075056
Yragyň demirgazygynda PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirildi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk guramasy tarapyndan Duhok etrabynyň obalyk ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň, Penje-Gulp operasiýasy sebitindäki howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk gören guramanyň agzalaryny ok-däri bilen üpjün edendigi anyklandy. 

Terror guramasy PKK-nyň hataryna 2014-nji ýylda goşulan terrorçynyň, guramanyň agzalaryna logistika taýdan kömek berendigi anyklandy. 

Terrorçy Zeýnep Sewimiň jigisi "Zilan Ruken" adyny ulanýan Fatma Sewim hem 2012-nji ýylda Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 



Degişli Habarlar