Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Ministr Ýerlikaýa, terrora garşy göreşiň çäginde soňky 180 günde alnyp barylan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

2072814
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, 1-nji iýundan bäri terror guramalaryna garşy alnyp barylýan operasiýalarda 609 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa, paýtagt Ankarada terrora garşy göreşiň çäginde soňky 180 günde alnyp barylan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Terror guramasy PKK/KJK-a garşy jemi 13 müň 641 operasiýanyň geçirlendigini aýdan Ýerlikaýa, “Ekstremist terror guramasyna garşy geçirlen operasiýalarda 53-i öli, 363-i sag, 4-i ýaraly, 82-si boýun egmek bilen jemi 502 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy egilşiksiz göreşiň hem dowam edýändigini aýdan Ýerlikaýa, terror guramasy DEAŞ-a garşy geçirlen 728 operasiýada 98 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini, saklanan 1254 şübheliden 317-siniň tussag edilendigini ýatlatdy.

Ministr Ýerlikaýa, çepçi terror guramasyna garşy geçirlen operasiýalarda bolsa 9 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar