Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2071584
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda operasiýa bilen bagly maglumat berildi.

Beýanatda: "Terrorçylar özlerine garaşýan soňdan gaçyp gutulyp bilmezler. Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen ýene-de bir beýanatda bolsa Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň hem geçirilen üstünlikli operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar