Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygynda dowam edýän operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK agza 647 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2070945
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli goranmak ministrligi terrorizme garşy göreş hakynda maglumat berdi.

Ähli terror guramalaryna garşy operasiýalaryň ýurduň içinde we daşynda üznüksiz ýagdaýda we üstünlik bilen dowam etdirilýändigi beýan edildi.

Operasiýalar bilen Yragyň we Siriýanyň demirgazyk etraplarynda soňky 1 hepdede 49 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1-nji ýanwardan bäri 1,976-a, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri bolsa 39,319-a ýetdi.

2022-nji ýylyň 18-nji aprelinde Yragyň demirgazygynda başladylan “Penje-Gulp” operasiýasynda şu günki güne çenli 647 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Siriýada türk howpsuzlyk güýçlerine garşy ýylyň başyndan bäri edilen hüjümlere görkezilen gaýtawullarda bolsa 31 sanysy soňky bir hepdede, jemi 1408 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar