Erdogan Partiýasynyň Mejlis Toparynyň Maslahatyna Gatnaşdy

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde “Gazaly doganlarymyz 7-nji oktýabrdan bari adamzat taryhynyň iň misginsokar hüjümlerine sezewar boldy” diýdi.

2070403
Erdogan Partiýasynyň Mejlis Toparynyň Maslahatyna Gatnaşdy

Gazalylaryň 7-nji oktýabrdan bäri adamzat taryhynyň iň misginsokar, iň pajygaly hüjümlere sezewar bolandygyny nygtan Erdogan; “Ysraýylyň harby güýçleri bütin dünýäniň gözüniň öňünde 50 günden bari Gazany ýakyp-ýykdy. Adamzat taryhyna gara tegmil hökmünde ýazylan ähli zulmy etdiler. 70 göterimden gowragy zenan we çaga, jemi 16 müň gazaly doganlarymyz Ysraýylyň hüjümleri sebäpli şehit boldy, 35 müňden gowrak palestinaly doganymyz ýaralandy” diýdi.

Gazada soňky asyryň iň uly zulumlaryndan birini edýän Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň adyny taryha eýýam “Gazanyň gassaby” diýip, ýazdyrandygyny beýan eden Erdogan; “Bu gara tegmil diňe bir Netanýaha degişli däl, oňa şertsiz goldaw beren her bir adama degdi. Bu tandyryjy tegmil, hiç haçan aýrylmaz” diýdi.

Gazada edilen adamzat we harby jenaýatlary 1-2 sanysyndan daşgary günbatar ýurtlarynyň göz ýummagyny asla ýatdan çykarmajakdyklaryny nygtan Erdogan; “Ysraýylyň hökümetiniň umumy adamzat wyždany bilen halkara hukugynyň öňünde-de hasabat bermegi üçin ähli şertlerden peýdalanjakdyklaryny aýtdy.  



Degişli Habarlar