Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

"Howa hüjüminde terror guramasy tarapyndan ulanylýan gowaklar, gaçybatalgalar we ammarlar bilen birlikde 17 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy”

2068644
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a we beýleki terror guramalaryna agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirip Yragyň demirgazygyndan Türkiýä we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak we howpsuzlygy ýola goýmak maksady bilen BMG-nyň şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda guralýan howa hüjümleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara, Metina, Hakurk we Kandil etrapçalaryndaky terrorçylara garşy 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda sagat 20.00-da howa hüjümi guraldy. Howa hüjüminde terror guramasy tarapyndan ulanylýan gowaklar, gaçybatalgalar we ammarlar bilen birlikde 17 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy” diýildi.

Beýannamada, “Howa hüjüminde ýerli we milli enjamlar ulanyldy we köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Türk ýaragly güýçleri geçmişde bolşy ýaly şu günkü günde hem ýurdumyzyň we halkymyzyň gelejegi we howpsuzlygy üçin terrora garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär. Guralýan howa hüjümlerinde asuda ilata, dost güýçlere, taryhy we medeni gymmatlyklara we daşky gurşawa zeper ýetirilmezligi üçin degişli çäreler görüldi” diýildi.

 



Degişli Habarlar