Türkiyäniň Daşary işler ministri Beýik Britaniýada we Fransiýada saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi sapar bilen bagly beýanat berdi

2067428
Türkiyäniň Daşary işler ministri Beýik Britaniýada we Fransiýada saparda bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, 11-nji noýabrda Riýatda geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň bilelikde geçiren sammitinde Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde kabul edilen kararlaryň çäginde döredilen aragatnaşyk topary bilen Gaza Sektorynda möwjän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Londonda we Parižde saparda bolar.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "2023-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde Gaza temasy bilen geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň nobatdan daşary umumy sammiti, aralarynda Türkiye, Palestina, Saud Arabystany, Indoneziýa, Müsür, Iordaniýa, Katar we Nigeriýa ýaly ýurtlaryň Daşary işler ministrlerini söweşiň durmagy we hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen bagly başlagyçlar etmegi üçin wezipelendiripdi. Hormatly ministrimiz ady agzalan umumy diplomatik tagallalaryň çäginde sapar guramak maksady bilen 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Londonda we Parižde saparda bolar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar