Ýaşar Güler: "Gresiýa bilen gepleşikler oňyn häsýetde geçdi" diýdi
Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler TBMM-de çykyş etdi
![Ýaşar Güler: "Gresiýa bilen gepleşikler oňyn häsýetde geçdi" diýdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/d9a1/de54/bee5/652f00a408a6d.jpg?time=1718859622)
Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparyndan soň, nobatdaky Türkiye-Gresiýa Harby Ynam artdyryjy çäreler maslahatynyň Gresiýada geçiriljekdigini mälim etdi.
Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler TBMM-de eden çykyşynda Gresiýa bilen gepleşikleriň oňyn häsýetde geçendigini belläp: "Nesip bolsa şular ýaly dowam ederis. Biz hem onuň dowamynda Gresiýa gideris. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň saparyndan soň, nobatdaky Türkiye-Gresiýa Harby Ynam artdyryjy çäreler maslahaty Gresiýada geçiriler. Ony mundan soň olar bilen gepleşikler geçirip ylalaşyga geleris" diýip aýan etdi.
Ministr Ýaşar Güler gününi garşy tarapyň kesgitlejekdigini mälim etdi.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e0cb/10b5/a712/66713b2bde92e.jpg?time=1718859623)
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi