Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Fidan, Gresiýanyň, Iordaniýanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2059236
Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gresiýanyň, Iordaniýanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bilen Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Hakan Fidan, Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgo Gerapetritis, Iordaniýanyň Daşary işler ministri Aýman Safadi we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliklerinde Gazadaky hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ediljek tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hamasyn Kassam atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda ir ertir Ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem şol günden bäri Gaza sektoryna guraýan bombalaryny hüjümlerini dowam etdirýär.

Ysraýylly ýolbaşçylar, Gazadan guralan hüjümlerde 315-i esger 1400-den gowrak ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 ysraýyllynyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Daniel Hagari, Kassamyň elinde ysraýylly 240 ýesiriň bardygyny habar berdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde bolsa 9 müňe golaý adam ýogaldy, 22 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

 

 



Degişli Habarlar