Prezident Erdogan Gepatit A sanjymynyň indi Türkiyede öndüriljekdigini habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Gepatit A sanjymynyň indi Türkiyede hem öndürilmäge başlanjakdygyny mälim etdi

2058454
Prezident Erdogan Gepatit A sanjymynyň indi Türkiyede öndüriljekdigini habar berdi

Ýurduň paýtagty Ankara şäherinde KeyVac sanjym önümçilik merkeziniň açylyş dabarasynda çykyş eden Prezident Erdogan, jemi 29 müň inedördül meýdany bilen KeyVac fabriginiň sanjym ugrunda öňbaşçy rollaryň birini eýelejekdigini beýan etdi. 

Türkiyäniň täze görnüş koronawirus tapgyryny dünýäniň ençeme ýurduna garanyňda üstünlikli ýagdaýda dolandyrandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Epidemiýa tapgyrynda 161 ýurt we 12 halkara guramasyna lukmançylyk enjamy babatynda goldaw berip, adamkärçilik wezipämizi ýerine ýetirdik. Ýurdumyz soňky asyryň iň uly epidemiýa krizisinden güýçlenip, dostlarynyň sanyny artdyryp çykdy" diýip habar berdi. 

Daşary ýurtdan eksport edilýän Gepatit A sanjymynyň mundan beýläk Türkiyede öndüriljekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye Gepatit A sanjymyny iň ýokary standartlarda öndürýän dünýäde 4-nji ýurt bolar. Daşary ýurtlara bolan garaşlylygymyz azalar" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan ondan soň bolsa Başkent guramaçylykly senagat zolagyndaky KeyVac Sanjym önümçilik merkezinde gözegçilik işlerini geçirdi.

Erdogana desgalarda önümçiligi amala aşyrylýan sanjymlar barada türk we daşary ýurtly alymlar tarapyndan maglumat berildi, sanjymlar görkezildi. 



Degişli Habarlar