Prezident Erdogan Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2054184
Prezident Erdogan Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy Heniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Gazadaky ýagdaý we başdan geçirilen wakalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň ynsanperwer kömekleriň Gaza ýetirilmegi we ýaralanan adamlaryň zerur bolan halatynda Türkiyede bejergi edilip bilinmekleri üçin we sebitde iň gysga wagtda ýaraşygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändigini habar berdi. 

Ysraýyl-Palestina meselesinde hemişelik çözgüdiň 1967-nji ýyldajy serhetlerde, paýtagty Iýerusalim bolan Garaşsyz bir Palestina döwletiniň esaslandyrylmadan ýola goýulyp bilinmejekdigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň heişelik parahatçylyk üçin halkara derejede göreş alyp barmaga dowam etjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar