Türkiýede Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümleri Sebäpli 3 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

"Milli ýasda 2023-nji ýylyň 21-nji oktýabryna şenbe güni gün batýança baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar”

2052886
Türkiýede Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümleri Sebäpli 3 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini habar berdi.

Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Türkiýe hökmünde palestinaly doganlarymyzyň başdan geçirýän gam-gussasyna uly gynanç bildirýäris. Esasy bölegi çagalardan we asuda ilatdan müňleçe adamyň şehit bolmagyna uly gynanç bildirýäris we ýurdumyzda 3 günlük milli ýas yglan edildi” diýdi.

Milli ýasyň yglan edilýändigi baradaky kararda, Ysraýyl tarapyndan asuda ilata garşy guralýan we soňky gezek 2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hassahana guralan hüjümde ýogalanlar we ýaralanlar üçin palestinanyň halkynyň gynanjyny paýlaşmak maksady bilen üç günlük milli ýas yglan edildi. Milli ýasda tutuş ýurtda we Türkiýäniň daşary ýurtlardaki wekilhanalarynda 2023-nji ýylyň 21-nji oktýabryna şenbe güni gün batýança baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar” diýildi.

Ysraýylyň Gazanyň merkezinde ýerleşýän Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjüminde asuda ilatdan 471 adam ýogalypdy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde bolsa 3 müňden gowrak palestinaly ýogaldy, 12 müň 500-den gowrak adam hem ýaralandy.


Etiketkalar: #Gaza , #yglan etmek , #milli ýas

Degişli Habarlar