Milli Goranmak Ministri Ýaşar Güler Kosowada Saparda Bolýar

"Türkiýe Kosowanyň başda durmagynda Balkanlaryň durnuklylygyna, asudalygyna we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýär"

2052119
Milli Goranmak Ministri Ýaşar Güler Kosowada Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Türkiýäniň Kosowanyň başda durmagynda Balkanlaryň durnuklylygyna, asudalygyna we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Resmi sapar bilen Kosowa giden Ýaşar Güler, kärdeşi Ežup Makedonçi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýäniň Kosowa bilen edýän gatnaşyklarynyň durnukly ýagdaýda dowam edýändigini nygtan Güler “Dost we doganlyk ýurt Kosowanyň özygtyýarlygyna we bitewiligine, halkara guramalara agza bolmagyna goldaw berýäris” diýdi.

Şol çäkde Kosowaly kärdeşi bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini aýdan Güler, “Kosowanyň başda durmagynda Balkanlaryň durnuklylygyna, asudalygyna we howpsuzlygyna uly ähmiýet berýändigimizi nygtadyk. Sebitde yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynyň ýeke-täk ýolunyň gepleşik geçirmekden geçýändigini ýene-de bir gezek nygtadyk” diýdi.

Türkiýe bilen Kosowanyň arasynda harby, bilim, goranyş we howpsuzlyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň has-da artýandygyny nygtan Güler, “Kosowanyň özü üçin hem howply bolan FETÖ garşy alyp barýan we alyp barjak tutumy hyzmatdaşlygymyzy we dostlugymyzy has-da artdyrar. Türkiýe-Kosowa gatnaşyklarynyň gelejekde has-da pugtalanjakdygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar