"Siriýadaky operasiýada ÝUHU-nyň ýere gaçmagy, operasiýanyň ýerine ýetirilmegine täsir etmedi"

Türkiye: "Siriýadaky operasiýada ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçmagy, operasiýanyň ýerine ýetirilmegine täsir ýetirmedi" diýip nygtady

2047409
"Siriýadaky operasiýada ÝUHU-nyň ýere gaçmagy, operasiýanyň ýerine ýetirilmegine täsir etmedi"

Türkiye Siriýadaky operasiýada ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçmagynyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy operasiýanyň ýerine ýetirilmegine we anyklanan nyşanalaryň ýok edilmegine täsir ýetirmejekdigini habar berdi. 

Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagt Ankara şäherinde guralan terrorçylykly hüjümden soň, özüňi goramak kanunynyň çäginde Yrakda we Siriaýda PKK/ÝPG-e degişli terrorçylykly nyşanalara garşy giň gerimli operasiýalaryň başladylandygy ýatladyldy. 

Şol çäkde düýn 5-nji oktýabrda Siriýanyň demirgazygyndaky Tel Ryfat, Jizire we Derik sebitleri başda bolmak bilen ekstremist terror guramasyna degişli köp sanda nyşananyň hatardan çykarylandygy habar berildi. 

Operasiýada, üçünji taraplar bilen işleýän deeskalasiýa mehanizmine dürli tehniki netijelendirmeler sebäpli bir ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ýitirilendigi, degişli taraplar bilen eskalasiýa mehanizminiň has netijeli işledilmegi üçin zerur çäreleriň görülendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Ady agzalan hadysa dowam edýän operasiýanyň ýerine ýetirilmegine we anyklanan nyşanalaryň hatardan çykarylmagyna hiç hili täsir ýetirmez. Yrakda bolşy ýaly terror guramasynyň Siriýada ýola goýan ähli ukyplary we girdeji çeşmeleri dowamlaýyn häsýetde ýok edilmäge dowam edilýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar