Daşary Işler Ministri Fidan, Kosowanyň Galkynyş Ministri Fikrim Damka Bilen Duşuşdy

Fidan Polşanyň Daşary işler ministri Zbignew Raý bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2034093
Daşary Işler Ministri Fidan, Kosowanyň Galkynyş Ministri Fikrim Damka Bilen Duşuşdy

 

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Kosowanyň Galkynyş ministri we Kosowa Demokratik türk partiýasynyň başlygy Fikrim Damka bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda, Hakan Fidanyň paýtagt Ankarada Kosowanyň Galkynyş ministri we Kosowa Demokratik türk partiýasynyň başlygy Fikrim Damka bilen duşuşandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan, ministr Fidanyň Polşanyň Daşary işler ministri Zbignew Raý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi bellenildi.

Fidan bilen Raýyň telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Polşanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy.


Etiketkalar: #Hakan Fidan , #Polşa , #Kosowa

Degişli Habarlar