Erdogan Putin bilen duşuşyk geçirer

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen şu gün Soçide duşuşyk geçirer

2032517
Erdogan Putin bilen duşuşyk geçirer

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Prezident Erdogan Putiniň çakylygyna laýyklykda şu gün Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrar. 

Erdoganyň rus kärdeşi bilen geçirjek duşuşygynda Türkiye-Russiýa gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, gün tertibiniň ileri tutulýan global we sebitleýin meseleler barada pikir alyşar. 

Erdogan Putin bilen geçirjek duşuşygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolsa, 17-nji iýulda Russiýanyň birtaraplaýyn häsýetde çekilen Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy bolar.

Liderler ylalaşygyň ýaňadandan durmuşa geçirilmegi üçin edilip bilinjek ädimler barada pikir alyşar. 



Degişli Habarlar