Prezident Erdogan Ilçileriň Maslahatynda Çykyş Etdi

Erdogan, alyp barýan tutumy ýakyndan gyzyklanylýan esasy ýurda öwrülendigini nygtady.

2022045
Prezident Erdogan Ilçileriň Maslahatynda Çykyş Etdi

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň halkara gatnaşyklarda esasy orun eýeleýän, alyp barýan tutumy ýakyndan gyzyklanylýan esasy ýurda öwrülendigini aýtdy.

Prezident Erdogan, düýn paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Ilçileriň 14-nji maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan, Türkiýäniň halkara gatnaşyklarda esasy orun eýeleýän, alyp barýan tutumy ýakyndan gyzyklanylýan esasy ýurda öwrülendigini nygtady.

Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň bes edilmeginden soň Ukraina we Russiýa bilen aragatnaşyk saklamaga dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan, “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen meseläni çözjekdigimize ynanýaryn. Gara deňiz başlanjygy bilen başlan oňyn atmosfera käbir ýurtlar garşy durdy. Biz bu dartgynlygyň dowam etmegini islemeýäris. İçginlik bilen ähli taraplar bilen işleşmäge dowam ederis. Söweşiň Gara deňize çenli gelmegi tutuş sebitde betbagtçylyga sebäp bolar” diýdi .

Terror guramalaryna garşy alnyp barylýan serhetaşa operasiýalaryň dowam etjekdigini nygtan Erdogan, Yrakda we Siriýada durnuklylyk ýola goýuldykça bosgunlaryň meýletin ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary baradaky işlewriň depgininiň güýçlenjekdigini ýatlatdy.

Ýewropadaky meçew beriji aksiýalar hakynda hem durup geçen Erdogan, “Yslam duşmançylygyna garşy göreşimizi dost we doganlyk ýurtlar bilen birlikde alyp barýarys. Halkara guramalary bu meselede herekete geçirýäris. Wakalaryň jogapkärleriniň jezalandyrylmagyny ýola goýmak esasy wezipämizdir” diýdi.



Degişli Habarlar