Türkiye Gurhana garşy guralýan hüjümleri ýazgardy

Türkiye Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde Gurhana garşy guralan betpäl hüjümleri iň berk ýagdaýda ýazgardy

2015628
Türkiye Gurhana garşy guralýan hüjümleri ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Daniýada Gurhana garşy ýaňadandan guralan hüjümler bilen bagly ýazmaça beýannama berdi. 

Beýannamada: "Kopengagende düýn mukaddes kitabymyz Gurhana garşy ýaňdandan guralan betpäl hüjümleri iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Daniýanyň resmileri halkara jogapkärçilikleriniň çäginde işe girişmeli we Yslam dinine we milliardlarça ynanýanyna garşy ýigrenji öjükdirýän bu betpäl hereketleriň öňüniň alynmagy üçin gerek bolan çäreleri görmelidir" diýip belledi. 

Türkiyäniň Din işler guramasynyň başlygy Ali Erbaş hem sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

Ali Erbaş: "Bu betpäl hüjümleriň jogapkärlerini we jemgyýetçilik parahatçylygy nyşana alan bular ýaly görnüşli aksiýalara sesini çykarman, rugsat berip, hemaýatkärlik eden Daniýanyň resmilerini eýeleýän çemeleşmeleri sebäpli berk ýagdaýda ýazgarýaryn we näletleýärin" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Daniýa , #Gurhan , #Türkiye

Degişli Habarlar