Prezident Erdogan şu gün Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen duşuşyk geçirer

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan şu gün Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşyk geçirer

2015592
Prezident Erdogan şu gün Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen duşuşyk geçirer

Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen 1 ýyllyk arakesmeden soň paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirer. 

Erdogan palestinaly kärdeşini Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylar. Liderler resmi garşylama dabarasyndan soň ikiçäk we toparara gepleşikler geçirer. 

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Ysraýyl-Palestina oňşuksyzlygyndaky soňky hadysalar bolar. Sebitde iki döwletli çözgüt meýilnamasynyň çäginde edilip bilinjek ädimler ele alynar. 

Erdogan we Abbas duşuşykda Türkiye-Palestina gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegi üçin ediljek ädimler barada pikir alyşylar. Mundan başgada gün tertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleler gözden geçiriler. 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Türkiyä guramagy meýilleşdiren sapary bolsa hirurgik operasiýasy sebäpli yza süýşürilipdi. 



Degişli Habarlar