Prezident Erdogan Täze Erjan howa menziliniň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Täze Erjan howa menziliniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) sebitde bir marka ýagdaýyna öwrülmegine goşant goşjakdygyny habar berdi

2014004
Prezident Erdogan Täze Erjan howa menziliniň açylyşyna gatnaşdy

Pars aýlagy ýurtlaryna guran saparyny tamamlap DKTR-na giden Prezident Erdogan, paýtagt Lefkoşada gurluşygy tamamlanan Täze Erjan howa menziliniň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

1975-nji ýylyň 3-nji fewralynda howa gatnawlaryna açylan Erjan howa menziliniň täze terminalynyň ozalkysyna garanyňda 6 esse ulaldylandygyny, bu görnüşde 10 million ýolagça hyzmat berip biljek ýagdaýa gelendigini aýdan Prezident Erdogan şu günden başlap Erjan howa menziliniň Kipr adasynyň iň uly ýolagçy göwrümine eýe howa menzili bolandygyny mälim etdi. 

Täze terminalyň we uçuş we gonuş zolagynyň halkara uçuşlar üçin ulanyljak günleriň uzakda bolmandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Bu eser Gündogar Ortaýer deňizindede bir durnuklylyk basseýni bolan DKTR-nyň sebitde bir marka ýagdaýyna öwrülmegine goşant goşar" diýip belledi.

Halkara jemgyýeti DKTR-na garşy huhuk esasdan mahrum, dolulygyna syýasy çäklendirmeleri aýyrmaga çagyran Prezident Erdogan: "Kipr adasynda agalygy, dartgynlylygy we dawa medeniýeti däl-de, iki deňhukukly döwletiň bilelikde ýaşamak idealyny goldamak baradaky çagyryşymy gaýtalaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar