Prezident Erdogan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň adatdan daşary baş assambleýasyna ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türk Gyzyl ýarymaýyň simwoly gyzyl bolan täze dogan aýyň ähli ezilenleriň we zyýan çeken adamlara umyt berýändigini beýan etdi

2008865
Prezident Erdogan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň adatdan daşary baş assambleýasyna ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Baş merkezinde geçirilýän adatdan daşary baş assambleýasyna wideo ýüzlenme ugratdy. 

Türk Gyzyl ýarymaýyň 1868-nji ýyldan bäri Türkiyedäki, sebitdäki we bütin dünýädäki ähli adamlaryň dadyna ýetýändigini aýdan Prezident Erdogan, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi. 

Prezident Erdogan Türk Gyzyl ýarymaýyň Türkiyäniň buýsanç çeşmesi hökmünde eýýäm 155 ýyl bäri dünýäniň dört künjeginde ynsanperwer kömek işlerini alyp barýandygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde Türk Gyzyl ýarymaýyň ilkinji pursatdan başlap, ýer titreme sebitinde işläp başlandygyny belläp, Türk Gyzyl ýarymaýyň döwlet bilen milletiň jebisliginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy. 



Degişli Habarlar