Numan Kurtulmuş Çerkez sürgüniniň 160-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Çerkez sürgüniniň 160-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi

2142394
Numan Kurtulmuş Çerkez sürgüniniň 160-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Numan Kurtulmuş sosial media hasabyndan paýlaşan ýüzlenmesinde: "Ata Watanlaryndan goparylmaklarynyň 160-njy ýylynda Çerkez doganlarymyzyň gam-gussalaryny tüýs ýüregim bilen duýýaryn. Sürgünde aradan çykan bigünä adamlary uly hormat bilen hatyralap geçýärin, yzlarynda goýup giden agtykdyr-çowluklarynyň tükeniksiz gam-gussalaryny paýlaşýaryn. Adamzat taryhynyň utandyryjy wakalarynyň biri bolan Uly Çerkez sürgünini ýatdan çykarmadyk we mundan soň hem ýatdan çykarmarys" diýip beýan etdi. 

160 ýyl ozal Russiýa Patyşalygy Kawkaz sebitinde ýaşaýan Çerkezleri örän agyr şertlerde ata watanlaryny terk etmäge mejbur edipdi, sürgünde köp sanda adam wepat bolupdy. 



Degişli Habarlar