Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

2007358
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi, mundan başgada terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ok-däri ele salyndy. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygynda üstünlik bilen dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy bilen terrorçylaryň hinlerini başlaryna ýumurýan Türkiyäniň Ýaragly güýçleri PKK-a agza ýene-de 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 

Sebitde geçirilýän gözleg we saplaýyş işlerinde terror guramasy PKK-a degişli köp mukdarda ok-däriniň ele salynandygy bellenen beýanatda, ady agzalan ok-därileriň 11 sany 120 mm minomýot oklaryndan, 13 sany 81 mm minomýot oklaryndan we ýaraglarynda, 1 sany 120 mm minomýot nilinden, 1 sany 81 mm pestiginden ybaratdygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #Yragyň demirgazygy , #PKK

Degişli Habarlar