Türkiýe, NATO-nyň Baş Sekretarynyň Iş Möhlediniň Uzadylmagyna Kanagatlanma Bildirdi

“NATO-nyň Baş sekretary hökmünde ýurdumyz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eden Stoltenbergi gutlaýarys”

2007246
Türkiýe, NATO-nyň Baş Sekretarynyň Iş Möhlediniň Uzadylmagyna Kanagatlanma Bildirdi

 

Türkiýe, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň iş möhlediniň 4-nji gezek ýene-de 1 ýyl uzadylmagyna kanagatlanma bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, NATO Geňeşiniň Stoltenbergiň iş möhlediniň 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli uzadylmagy boýunça kabul eden kararyna kanagatlanma bildirlendigi nygtalyp, “NATO-nyň Baş sekretary hökmünde ýurdumyz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eden Stoltenbergi gutlaýarys” diýildi.

Beýannamada, “Wezipä başlan gününden bäri ýagny 2014-nji ýyldan bäri terrora garşy göreş bilen birlikde ähli howplara garşy gurama agza ýurtlaryň birlikde hereket etmegi üçin uly tagalla edýän Baş sekretar Stoltenbergiň bu tutumyny dowam etdirjekdigine ynanýarys” diýildi.

NATO-dan düýn berlen beýannamada, Baş sekretar Stoltenbergiň iş möhlediniň 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli uzadylmagy boýunça agza ýurtlaryň arasynda ylalaşyk gazanylandygy nygtalypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar