Prezident Erdogan palestinaly kärdeşi Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2004995
Prezident Erdogan palestinaly kärdeşi Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde liderler biri-birlerini Gurban baýramlary bilen gutlap, baýramyň Palestinanyň bütin halky we Yslam dünýäsi üçin düşümli bolmagyny dilediler. 

Günbatar Şeriada başdan geçirilen soňky hadysalar sebäpli ýene-de bir baýramçylygyň hasrat bilen geçirilýändigini aýdan Prezident Erdogan, Jenin hüjüminde ýogalan adamlara Alladan rehnet, maşgalalaryna bolsa sabyr diledi. 

Prezident Erdogan Türkiyäniň Aksa metjidiniň gymmatlygyna we statusyna zeper ýetirip biljek islendik ädime garşy bolmaga we Palestina meselesine goldaw bermäge dowam etjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar