Prezident Erdogan, Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Stolteberg Russiýada başdan geçirlen soňky wakalar we Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda pikir alyşdy.

2004224
Prezident Erdogan, Stoltenberg Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

Kommunikasiaýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Stolteberg telefon söhbetdeşliginde Russiýada başdan geçirlen soňky wakalar we Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda pikir alyşdy.

Russiýadaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagynyň Ukrainada uly adam pidalarynyň çekilmeginiň öňüni alandygy nygtaldy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýadaky dartgynlykdan soň Ukraina meselesiniň hem parahatçylykly ýagdaýda çözülmegini arzuw edýändigini belledi.

Erdogan bilen Stoltenberg Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda hem pikir alyşdy. Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy oňyn tutumynyň dowam edýändigi emma PKK/PÝD/ÝPG-niň tarapdarlarynyň Şwesiýada erkin ýagdaýda öz aksiýalaryny dowam etdirýändigi sebäpli girizilen üýtgetmäniň hiç hili manysynyň ýokdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar