Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Britaniýa Gitdi
Hakan Fidan, 2023 Ukraina Goldaw Konferensiýasyna gatnaşar
2002299
![Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Britaniýa Gitdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ca8e/15fd/7e4e/64929205d7508.jpg?time=1719065122)
Daşary işler ministri Hakan Fidan, 2023 Ukraina Goldaw Konferensiýasyna gatnaşmak üçin Britaniýa gitdi.
Ministr Hakan Fidanyň iş saparynyň çäginde paýtagt Londonda özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň gatnaşmagynda geçiriljek konferensiýada, Ukrainanyň galkynyşy we söweşden soň gaýtadan dikeldilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Iki gün dowam etjek konferensiýa halkara jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşanar.
Ukrainanyň Prezdenti Wolodimir Zelenskiý hem konferensiýa wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşar.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d70c/b012/6827/6675746308657.jpg?time=1719065122)
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy