Prezident Erdogan Judi dagyndaky esgerler bilen söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Terrorçylyga garşy alyp barýan göreşimizdäki siziň tutumyňyz nesip bolsa bu milletiň asudalygy we abadançylygy bolar diýip umyt edýärin" diýdi

2001271
Prezident Erdogan Judi dagyndaky esgerler bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Şyrnak welaýatyna guran saparynyň çäginde Yrak serhediniň golaýyndaky Judi dagy Şehit Žandarma starşina uly seržant Halit Özçelik serhet birikmesinde esgerler bilen duşuşyk geçirdi. 

Serhet birikmesindäki esgerler bilen söhbetdeş bolan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, ondan soň Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Prezident Erdogan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň telefonyndan ýüzlenen esgerlere: "Terrorçylyga garşy alyp barýan göreşimizdäki siziň tutumyňyz nesip bolsa bu milletiň asudalygy we abadançylygy bolar diýip umyt edýärin. Allatagalla sizi öz penasynda saklasyn, birligimiz we jebisligimiz baky bolsun" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar