Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Türkiyäniň soňky 10 ýylda terrora garşy göreşde ýeten sepgidi bilen terrory dolulygyna ýok etmek nokadyna ýetirendigini habar berdi

2001143
Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Şyrnak welaýatyndaky Çakyrsögüt Žandarmanyň Komandos güýçleri serkerdeliginde eden çykyşynda: "Esasan hem soňky 10 ýylda terrora garşy göreşde ýetilen sepgit bilen terrory dolulygyna ýok etmek nokadyna ýetdik. Bir tarapdan gök asmanymyzda bürgüt ýaly uçýan ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyz bar, beýleki tarapdan bolsa siz gahryman esgerlerimiz bar. Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşimizi erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdireris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar