Türkiýe Ukraina Lukmançylyk Enjamlaryny Ugratdy

Türkiýe Ukrainanyň Riwne şäherinde ýerleşýän Riwnäniň Çagalar keselhanasyna lukmançylyk enjamlaryny berdi.

1999144
Türkiýe Ukraina Lukmançylyk Enjamlaryny Ugratdy

Kesellileriniň sany artan 291 ýatak jaýly keselhana Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA tarapyndan lukmançylyk enjamlaryndan ybarat kömek berildi.

Şol çäkde keselhananyň Anteziologiýa we reanimasiýa bölümi üçin 5 sany ultra mämişi ýyladyjy we esasy operasiýa bölümine 4 sany parametrli hassa motitory üpjün edildi.

Ukrainada rus güýçleri bilen bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweş sebäpli ýurduň dürli şäherlerinde ýetimler, az girdejili maşgalalaryň we söweşden ejir çeken çagalar bilen bilelikde köp sanly raýat Riwne şäheriniň Çagalar keselhanasynda bejergi alýar.



Degişli Habarlar