Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan NATO agza bolmak isleýän Şwesiýanyň ähli jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeginiň gerekdigini beýan etdi

1999679
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan DKTR we Azerbaýjan saparlaryndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

Erdogan: "Türkiye Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklarmy?" soragyna: "Geçen birnäçe gün ozal NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Stambulda myhmanym boldy. Özüne şulary aýtdyk: Eger biziň Şwesiýanyň tamalaryna jogap bermegimize garaşýan bolsaňyz, ähli zatdan ozal Şwesiýa şol terror guramasynyň (PKK) edýänlerini ýok etmelidir. Emma şol wagtlar gynansagam Şwesiýanyň köçelerinde terrorçylar ýene-de demonstrasiýa geçirýärdiler. Indi biz bu ýagdaýda bu işe oňyn çemeleşip bilmeris. Olary durmuşa geçirmeden Wilnýusda geçiriljek NATO sammitinde biz ähli zat gülala-güllük diýip bilmeris" diýip jogap berdi. 

Täze döwürde Türkiyäniň daşary syýasatdaky ileri tutýan ugrunyň diýalogdygyny we diplomatiýadygyny aýdan Prezident Erdogan, Gresiýa bilen edilýän gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiyedäki saýlawdan soň Gresiýanyň ozalky Premýer ministri Kirýakos Misotakis maňa jaň etdi we gutlady. Şol sebäpli Wilnýusda biz duşuşyk geçirmekden saklanmarys. Iki goňşy ýurtdurys. Aýtjak zatlarymyz belli. Näme ol? Ýaraglanma tapgyryny bes ediň indi. Ýagny şol ýaragalanma bilen nirä barjak bolýaňyz? Bulary ara alyp maslahatlaşarys diýip pikir edýärin. Biz duşmanlarymyzy köpeltmek üçin däl, olary azaltmak üçin bardyrys. Türkiye şudyr, Erdogan şudyr" diýip belledi. 

Kipr meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan: "Grek tarapyndaky bar bolan häzirki dolanşyk ozalky dolanşyklara garanyňda has parahatçylykly çemeleşmäniň içinde. Eger bu parahatçylykly gurşawy dowam etdirseler we Ýewropa Bileleşigi başda bolmak bilen käbir öjükdirmelere gulak asman DKTR-nyň özygtyýar deňlik boýunça hukuklaryny goramagy kabul etseler, biz hem öz gezegimizde näme üçin bolmasyn diýeris. ÝB dogruçyl däl. Biziň ýüz tutanymyza 50 ýyl geçdi, emma ÝB entegem şol bir nokatda. Şol meseleleri gün tertibe getireris. Biziň hem şolary gözden geçirmegimiz möhüm" diýip nygtady. 

Kawkazdaky wakalaryň hem üstünde durup geçen Erdogan, Baku-Ýeriwan liniýasynda parahatçylyk tapgyrynyň ilerledilmeginiň, Türkiyäniň Ermenistan bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna uly goşant goşjakdygyny beýan etdi. 

Zengezur koridory bilen bagly Eýran bilen başdan geçirilen meseläniň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Ol Ermenistan bilen baglanşykly mesele däl. Zengezur koridory Eýran bilen bagly meseledir. Bu ýerde Eýranyň bular ýaly oňaýsyz çemeleşme içinde bolmagy, hem Azerbaýjany hem-de bizi gynandyrýar. Birem bu ýerde her bir wagona alynýan tölegler hem gynansagam örän ýokary. Şol kynçylyklaryň iň gysga wagtda hötdesinden geleris diýip umyt edýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar