Prezident Erdogan Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny DKTR-na we Azerbaýjana Gurar

Erdogan şu gün  DKTR-na gider

1998240
Prezident Erdogan Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny DKTR-na we Azerbaýjana Gurar

Prezident R. T. Erdogan däp bolşy ýaly prezident saýlawyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Demirgazyk Kipr Türk Respbulikasyna we Azerbaýjana gurar.

Prezident Erdogan, 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynda gaýtadan bu wezipä saýlanmagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny şu gün DKTR-na gurar.

Erdogan resmi saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar we Premýer-ministri Ünal Üstel bilen duşuşar

 Erdoganyň geçirjek gepleşiklerinde Kipr meselesi we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Prezident Erdogan ertir hem Azerbaýjana gider.

Erdogan Azerbaýjana gurajak saparynyň çäginde Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşar.

Saparyň çäginde geçirilek özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselesi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar