Pakistanyň Premýer-ministri Şerif, Prezident Erdogany Ýurduna Çagyrdy

Şerif, Pakistanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan, wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasibetli Erdogany mähirli gutlap, rowaçlyk arzuw etdi.

1995537
Pakistanyň Premýer-ministri Şerif, Prezident Erdogany Ýurduna Çagyrdy

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Prezident R. T. Erdogany, Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilmegi meýilleşdirlen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahatyna çagyrdy.

Prezident Erdoganyň kasam ediş dabarasyna gatnaşan Şerif, Pakistanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan, wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasibetli Erdogany mähirli gutlap, rowaçlyk arzuw etdi.

Şerif, Erdoganyň liderliginde Türkiýäniň soňky 20 ýylda uly öňe gidişlik edendigini nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllygy barada hem durup geçen Şerif, Prezident Erdoganyň liderliginde Türkiýäniň aýgytly ädimler bilen öňe barýandygyny belledi.

Pakistanyň Türkiýe bilen edýän doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak isleýändigini aýdan Şerif, Erdogany Yslamabatda geçirilmegi meýilleşdirlen Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahatyna çagyrdy.



Degişli Habarlar