Prezident Erdogan Adyýaman welaýatynda saparda boldy

Perzident Rejep Taýýip Erdogan goranyş senagaty pudagynyň möhüm önümçilik desgalarynyň bir bölegini ýer titremäniň başdan geçirilen sebite getirjekdiklerini mälim etdi

1988864
Prezident Erdogan Adyýaman welaýatynda saparda boldy
erdogan adiyaman genclik bulusmasi1.jpg
erdogan adiyaman genclik bulusmasi.jpg

Prezident Erdogan düýn Adyýamanda geçirilen Ýaşlaryň duşuşygynda eden çykyşynda, ýurduň başyndan geçiren iň uly tebigy apatlaryň biri bolan 6-njy fewraldaky ýer titremelerden başlap, sebitde bolandyklaryny habar berdi. 

Adyýaman welaýatynda kitaphanasy, ussahanalary, sport desgalary, synp otaglary bilen durmuş mekdebini gurandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, medeniýet, bilim we goldaw zolaklarynyň çagalaryň we ýaşlaryň hem bilimlerine goldaw berýändiklerini hem-de olary durmuşa taýarlaýandyklaryny mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Ýaşlarymyzdan alan energiýa bilen ýurdumyzyň geljegini gurjak gymmatlyklary, ýer titreme sebitindäki şäherlerimizde gurýarys. Şol çäkde goranyş senagaty pudagynyň möhüm önümçilik desgalarynyň bir bölegini ýer titremäniň başdan geçirilen sebite getireris. Mysal üçin Adyýaman welaýatynda kabel we birleşdiriji önümçilik desgasyny gurýarys, programma üpjünçilik zolagyny dörederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar