“Asylsyz “Pontus” Garaýyşlaryny Kabul Etmeýäris”

Milli Goranmak ministrligi, Gresiýanyň asylsyz “Pontus” garaýyşlaryny kabul etmeýändiklerini mälim etdi.

1988509
“Asylsyz “Pontus” Garaýyşlaryny Kabul Etmeýäris”

Milli goranmak ministrliginden mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, ady agzalýan garaýyşlar “asylsyz” hökmünde häsiýetlendirildi.

Beýannamada, “Gresiýaly ýolbaşçylaryň “Pontus” garaýyşlaryny  dolulygyna kabul etmeýäris. Bu garaýyşlar taryhy hakykatlary ýoýmak tagallasyndan başga zat däldir. Gresiýaly syýasatçylar taryhy resminamasy we subutnamasy bolmadyk garaýyşlary hakynda grek halkyna ýalan maglumat berýär.

Türk halkynyň geçmişinden pespällik gözleýänler, özlerini aldamakdan başga netije alyp bilmezler.

100 ýyl ozal başdan geçirlen wakalardan peýdalanmak isleýänler, ilki aýna seretmeli. Bu nukdaý nazarda grek siýasatçylar Osmanly döwründe Tripolise şäherinde we 1919-1922-nji ýyllarda Anadolyny basyp almak islän atalarynyň eden jeýanatlary bilen ýüzleşmeli, edil şonuň ýalyda Anadolyda näme işleriniň bardygynyň jogabyny bermeli.

Taryhda eden jenaýatlaryny we gyrgynçylyklaryny görmek islemeýänler, onuň üstüni basyrmak üçin girişen bu oýunlaryndan asla netije alyp bilmezler. Taryhyň öňündäki jogapkärçiliklerinden asla halas bolup bilmezler”



Degişli Habarlar