Türkiýäniň Prezident we Parlament Saýlawynda Berilen Sesler Dolulygyna Sanaldy

Düýn geçirilen prezident we parlament saýlawlarynda prezidentlige dalaşgärleriň hiç biriniň ýeterlik derejede ses almandygy sebäpli, ýaryşyň 2-nji tapgyry geçiriler

1986751
Türkiýäniň Prezident we Parlament Saýlawynda Berilen Sesler Dolulygyna Sanaldy

Ýokary saýlaw Geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener, Prezident saýlawynda dalaşgärleriň saýlanmak üçin ýeterlik derejede ses almandyklaryny, 28-nji maý ýekşenbe güni 2-nji tapgyr saýlawlaryň geçirilmegi barada karara gelinendigini habar berdi. 

Ahmet Ýener ýurdyň içindäki saýlaw sandyklarynyň 100 göterim açylandygyny, gatnaşygyň görkezijileriniň ýurduň içinde 88,92 göterim bolandygyny, daşary ýurtlarda bolsa 52,69 göterim bolandygyny mälim etdi. 

Ahmet Ýener gutarnykly bolmadyk netijelere görä Rejep Taýýip Erdoganyň sesleriň 49,51 göterimini, Kemal Kylyçdarogly 44,88 göterimini, Sinan Ogan 5,17 göterimini, Muharrem Inje 0,44 göterim alandygyny mälim etdi. 

Resmi bolmadyk ilkinji netijelere görä, parlament saýlawy üçin 99,86 göterimi sanalan sesleriň bölünişi bolsa şeýle:

Halk ýaranlygy: 49,46

Adalat we ösüş partiýasy: 35,58

Milletçi hereket partiýasy: 10,07

Millet ýaranlygy; 35,02

Respublikan halk partiýasy 25,33

Gowy partiýa: 9,69 göterim.


Etiketkalar: #Türkiye , #saýlaw

Degişli Habarlar