“Günbatarly Käbir Žurnallaryň Türkiýäniň Içerki Işlerine Goşulyşmagyna Rugsat Bermeris”

Erdogan, daşary ýurtly käbir žurnallaryň özüne garşy habarlary çap etmegine reaksiýa görkezdi.

1983108
“Günbatarly Käbir Žurnallaryň Türkiýäniň Içerki Işlerine Goşulyşmagyna Rugsat Bermeris”

 

Prezident R. T. Erdogan, günbatarly käbir žurnallaryň Türkiýäniň içerki işlerine goşulyşmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, daşary ýurtly käbir žurnallaryň özüne garşy habarlary çap etmegine reaksiýa görkezdi.

Erdogan, Türkiýäniň syýasy, diplomatiýa we harby taýdan terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreş alyp barýandygyny belledi.

Türkiýäniň alyp barýan syýasatlary bilen täsiriniň gün saýyn güýçlenýändigini nygtan Erogan, Kipr türkleriniň, Türk Dünýäsiniň we Balkanlaryň hak-hukuklaryny goraýandygyny nygtady.

Türkiýäniň, Liwiýadaky, Siriýadaky we Garabagdaky kynçylyklaryň çözülmeginde we Russiýa bilen Ukrainanyň ýesirlerini çalyşmagynda uly rol oýnandygyny ýatladan Erdogan, galla geçelgesi ylalaşygy bilen sebitara krizisiň çözülmegine hem uly goşant goşandygyny belledi.



Degişli Habarlar