Abatlaýyş Işleri Tamamlanan Sultanahmet Metjidi Dabaraly Ýagdaýda Açyldy

Erdogan, Stambulda abatlaýyş işleri tamamlanan Sultanahmet metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

1977917
Abatlaýyş Işleri Tamamlanan Sultanahmet Metjidi Dabaraly Ýagdaýda Açyldy

 

Prezident R. T. Erdogan, Stambulda abatlaýyş işleri tamamlanan Sultanahmet metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Sultanahmet metjidiniň asyrlaryň dowamynda öz durkuny gorap saklamagy üçin abatlaýyş işleriniň geçirlendigini aýtdy.

Erdogan “Abatlaýyş işlerini şeýle gowy günde tamamladyk. Oraza baýramyna we anna gününe gabat gelmegi bilen iki baýramçylygy bile belläp geçýäris” diýdi.

Sultanahmet metjidiniň Stambulyň esasy simwollaryndan biridigini nygtan Erdogan “Bu ýeri diňe metjit däl, eýsem medresesi, hamamy we çeşmesi bilen uly kompleks” diýip belledi.



Degişli Habarlar