Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi

Türkiyäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň bir ýere jemlenjek maslahat üçin senenama kesgitlenmäge başlandy

1972689
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hususy telewideniýe kanallarynyň birine beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilen Siriýa temaly maslahatyň maý aýynyň başynda geçirilip bilinjekdigini habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly: "Öňümizdäki tapgyrda Dört taraplaýyn häsýetde bir maslahatyň geçirilmegini meýilleşdirýäris. Daşary işler ministrleri derejesinde. Maý aýynda geçiriljekdigini pikir edýäris, ruslarda alan deslapky maglumatymyza görä. Moskwada geçiriler, ozalky maslahatda bolşy ýaly" diýip mälim etdi. 

3-4-nji aprel aralygynda Moskwada Türkiyäniň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Dört taraplaýyn tehniki maslahat geçirilipdi. 



Degişli Habarlar