Prezident Erdogan Türkiyäniň daşary syýasaty barada beýanat berdi

Prezident Erdogan Hytaý-ABŞ arasyndaky dartgynlygyň hiç kime peýdasynyň ýokdygyny, täze bir sowuk söweşiň hiç kime peýda getirmejekdigini habar berdi

1971306
Prezident Erdogan Türkiyäniň daşary syýasaty barada beýanat berdi

Prezident Erdogan Krtiter žurnalyna beýanat berdi. 

ABŞ-Hytaý arasyndaky dartgynlyk bilen Eýran-Saud Arabystanynyň arasyndaky ýola goýulmaga synanyşylýan gatnaşyklaryň ýatladylmagy we daşary syýasatda bolup geçýän wakalar baradaky teswirler baradaky soraga Prezident Erdogan: "Halkara syýasat örän işjeň, onda ençeme näbellilik bar. Başdan geçiren Kowid-19 epidemiýasy, şol näbellilikleri artdyrdy. Soň bolsa Russiýa-Ukraina söweşi bilen halkara ulgamdaky üýtgeşmeler we özgeriş jedelleşikleri ýaňadandan gün tertibe geldi. Global derejede başdan geçirilýän bäsdeşlik hem ulgama has hem täsir ýetirmäge başlady. Ykdysady, harby we syýasy hadysalar biri-biri bilen eriş-argaç boldy" diýip habar berdi. 

Hytaý-ABŞ arasyndaky dartgynlygyň hiç kime peýdasynyň ýokdugyny aýdan Prezident Erdogan: "Täze bir sowuk söweşiň hiç kime peýdasy bolmaz. Sebäbi öňümizde ýeke başymyza göreşip üstünlik gazanyp bilmejegimiz ençeme meseleler bar. Howanyň çalşygy mysal üçin şolaryň hatarynda iň uly meseleleriň biridir. Umumy ýagdaýda hereket edilmeli bolan bir ugurdyr. Terrorizm hem edil şolar ýaly, umumy ýagdaýda hereket edip hötdesinden gelip biljegimiz bir meseledir" diýip mälim etdi. 

BMG-nyň özgerdilmeginiň we gowy bir global dolanşyk binagärçiliginiň ýola goýulmagynyň gerekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Ähli bu gyssagly meseleler bar mahaly, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy we harby dartgynlyklar, durnuklylygy bozýan bir täsir döredýär. Eýran bilen Saud Arabystanynyň gepleşikler tapgyry bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaklarynyň, Ýakyn Gündogarda dowam edýän kadalaşma tapgyryna oňyn täsir ýetirjekdigini pikir edýäris" diýip habar berdi. 

Täze döwürde daşary syýasatda Türkiyäniň özenini berkitmegi maksat edinýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Biziň maksadymyz, Türkiýäniň global aktýorlygyny hasam berkitmek" diýip belledi. 

Siriýada terrory dolulygyna ýok edýänçälere çenli göreşlerini dowam etdirjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Syýasy çözgüt, terrora garşy göreş we bosgunlaryň yzyna gaýdyp barmaklary ugurlaryny ählimiz bilelikde ele almagymyz gerek. Täze döwürde bu babatda has möhüm ädimler ederis" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar