Eýranda ýertitreme boldy
Eýranyň günortasyndaky Hürmüzgan welaýatynyň Parsiýan şäherinde 5 bal ululygynda ýertitreme boldy

Milli Seýismologiýa merkezi tarapyndan berilen maglumata görä, güýç merkezi Parsiýan şäheri bolan 5 bal ululygyndaky ýertitreme düýn ýerli wagt bilen sagat 19:27-de boldy.
Parsiýan şäheri bilen birlikde Pars aýlagyndaky Kiş adasynda hem duýulan ýertitremäniň ýeriň 11 km aşagynda emele gelendigi habar berildi.
Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen beýanata görä Hürmüzgan welaýatynyň gubernatorlygynyň Krizis dolanşygy edarasynyň baş direktory Mehrdad Hasanzade beren beýanatynda, ýertitreme sebäpli häzirki wagta çenli sebitden hiç hili oňaýsyz maglumatyň gelip gowuşmandygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar

Putin AKKA Şertnamasyny Ýatyrdy
1990-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Fransiýanyn patagty Parižde baglaşylan AKKA şertnamasy bes edildi.